Emir Rasen türkmenistanly sungat ussatlary bilen aýdym ýazdy


Emir Rasen türkmenistanly sungat ussatlary bilen aýdym ýazdy



Asly türkmen bolan eýranly aýdymçy Emin Rasen türkmen aýdymçylary, Türkmenistanyň at gazanan artistleri Ahmet Atajanow we Begmyrat Annamyradow bilen bilelikde aýdym ýazdy we şekilli aýdym düşürdi.

«Watan hakda» we «Bagtyýar nesilleriň buýsançnamasy» atly aýdymlarda gadymy däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň utgaşygy görkezilip, türkmen medeniýetine bolan söýgi beýan edilýär. Şekilli aýdymlar türkmen halylary, milli lybaslary we täsin tebigaty ýaly milli öwüşginlere baýlygy bilen tapawutlanýar.

Aýdymçylar tomaşaçylara türkmen senetçiliginiň baýlygyny görkezmek bilen, milli eşiklerde peýda bolýarlar. Bu şekilli aýdymlar gadymy türkmen däpleriniň reňkli dünýäsine aralaşmak üçin mümkinçilige öwrüldi.

Aýdymlar we şekilli aýdymlar Emin Raseniň Aşgabatda 24-nji dekabrda Gyşky oýunlar sport toplumynda ýokary derejede geçirilen ýekelikdäki konsertiniň öňüsyrasynda ýazyldy.