DIRIŽÝORLYK SUNGATYNY ÖZLEŞDIRMEGIŇ USULY GYMMATLYGY
Ýurdumyzda aýdym-saz sungaty boýunça ýokary bilim berýän Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda talyplara bilim bermek bilen bir hatarda, konsert ýerine ýetirijiliginiň, açyk sapaklaryň işjeň geçirilip durulmagy diýseň begendirýär. Ösüp gelýän ýaş neslimiziň, giň gerimli saz sungatynyň dürli ugurlaryndan bilim alýan talyplarymyzyň döredijilik hem ýerine ýetirijilik ugurlarynyň kämilleşmeginde ýokarda ady agzalan görnüşleriň yzygider gurnalmagy özüniň möhüm ähmiýetini ýetirýär. Şeýle täsirli geçen açyk sapaklaryň birini hem konserwatoriýanyň Dirižýorlyk kafedrasy alyp bardy.
Bu gezekki açyk sapagy ady agzalan kafedranyň uly mugallymy Nury Muhyýew Opera we simfoniki dirižýorlygy dersi boýunça geçirdi. Dirižýorlyk etmek örän çylşyrymly hünärleriň biri bolup durýar. Orkestre dirižýorlyk etmek bilen, dirižýor her bir saz guralyň aýratynlyklaryny bilmelidir. Dürli saz gurallaryň jemlenip, islendik eseriň sazlaşykly owazlanmagynda orkestre ýolbaşçylyk edýän dirižýoryň möhüm wezipesi bar. Ol sazandalardyr aýdymçylara gözegçilik etmek bilen, ýerine ýetirilýän eserde kompozitoryň öňde goýan maksatlaryny doly derejede açmaklygy başarmaly. Şonuň üçin hem ýerine ýetirijiler bilen bir hatarda, dirižýor hem sazyň hiline jogap bermek bilen, bütin toparyň düzüminde aýgytly wezipäni ýerine ýetirýär.
Tejribeli mugallym N. Muhyýew bu gezekki açyk sapagynda D. Öwezow bilen Ý. Meýtusyň “Leýli-Mejnun” operasynyň, hem-de P. I. Çaýkowskiniň “Mazepa” operasynyň üstünde durup geçdi. Onda talyplar D. Ökdirow, L. Amangeldiýewa, Ş. Komiljanow we A. Amadow dagylar sazandarlyk etdiler.
N. Muhyýewiň geçiren açyk sapagy aýratyn täsirliligi bilen tapawutlandy. Ol dirižýorlyk hünäriniň birnäçe inçe taraplaryny, ýerine ýetirijiligiň gymmatly görnüşlerini ýüze çykaryp, öz hünäriniň häsiýetli aýratynlyklarynyň birnäçesiniň üstünde durup geçdi. Şeýlelikde, talyplar bilen özleşdirilýän bilimiň hil derejesiniň ýokarlanýandygy subut edildi. Oňa gatnaşan talyplar hem öz gezeklerinde gymmatly maglumatlary özleşdirdiler.