Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Daşkentde geçiriljek halkara foruma çagyryldy


Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa Daşkentde geçiriljek halkara foruma çagyryldy

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowanyň adyna Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewadan hat gelip gowuşdy. Bu barada «Türkmnistan» gazetinde habar berildi.

— Hormatly hanym Ogulgerek Berdimuhamedowa! Sizi 2023-nji ýylyň 9-njy noýabrynda Daşkent şäherinde geçiriljek «Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi ugrunda çagalaryň we ýaşlaryň hereketi» atly halkara foruma gatnaşmaga çagyrmagy özüme uly hormat hasaplaýaryn — diýip, özbek Lideriniň maşgalasy türkmen halkynyň Milli Lideriniň maşgalasyna iberen hatynda belleýär.

Hatda beýan edilişi ýaly, «Zamin» halkara jemgyýetçilik gaznasy tarapyndan BMG-niň Çagalar gaznasy bilen bilelikde guralýan bu çäre Çagalary goramagyň bütindünýä gününe bagyşlanýar.

— Daşky gurşawy goramagyň, ekologiýa durnuklylygyny üpjün etmegiň we howanyň üýtgemeginiň zyýanly täsirleriniň öňüni almagyň häzirki döwrüň möhüm meselelerine öwrülýändigini bellemek gerek. Forumyň esasy maksady ekologiýa meselelerini çözmäge çagalaryň we ýaşlaryň gatnaşmagyny artdyrmakdan, öňdebaryjy pikirleri hem-de tejribeleri alyşmakdan, şeýle-de daşky gurşawa aýawly çemeleşmek boýunça milli, sebit we ählumumy tagallalary birleşdirmekden ybaratdyr.

Siz hem bu halkara forumyň işine gatnaşyp, çykyş edersiňiz we baý tejribäňizi paýlaşarsyňyz diýip umyt edýärin. Pursatdan peýdalanyp, Size we Siziň maşgalaňyza berk jan saglyk, abadançylyk we uly üstünlikleri arzuw edýärin — diýip, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň maşgalasy Ziroat Mirziýoýewa türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň maşgalasy Ogulgerek Berdimuhamedowa iberen hatynda ýazýar.