Watanymyzyň we jemgyýetimiziň öňdebaryjylaryna döwlet sylaglary gowşuryldy
Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň hormatly atlaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerini, edebiýat, medeniýet we sungat işgärleriniň, höwesjeň aýdymçy ýaşlaryň hem-de zehinli çagalaryň arasynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi.
Her ýyl ýurdumyzyň baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda medeniýet işgärlerini döwlet derejesinde sylaglamak dabarasy geçirilýär. Munuň özi Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň yzygiderli ösüşine döredijilik işgärleriniň goşýan goşandynyň ähmiýetini aýdyň görkezýär. Şeýle çäreleriň guralmagy halkymyzyň mizemez ruhy baýlygyny goramagyň we artdyrmagyň, döredijilik işgärlerini goldamagyň, höweslendirmegiň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygardan gözbaş alýan durmuş ugurly syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigine şaýatlyk edýär.
Dabara gatnaşyjylar Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet sylaglaryna mynasyp bolan döredijilik işgärlerine hem-de «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen Gutlagyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda döwlet Baştutanymyz bäsleşigiň ýeňijilerini bu şanly waka we Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen gutlap, jemgyýetimiziň ruhy durmuşynda, milli däp-dessurlarymyzy, taryhy-medeni mirasymyzy gorap saklamakda hem-de wagyz etmekde, mähriban Watanymyzyň şöhratyny artdyrmakda, dünýäniň halklary bilen dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmakda, olaryň alyp barýan işleriniň eýeleýän ornuny nygtady. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda täze zehinleri ýüze çykarmakda «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň möhümdigini belläp, onuň medeniýet we sungat işgärleriniň hünär ussatlygyny ýokarlandyrýan, ylham akalabalaryny joşdurýan çeper döredijiligiň özboluşly mekdebine öwrülendigine ünsi çekdi.
Soňra Türkmenistanyň Prezidentiniň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda Permanlary we «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijilerini sylaglamak hakynda Karary okaldy.
Bäsleşigiň ýeňijileri, döredijilik toparlarynyň ýolbaşçylary, şahyrlar we ýazyjylar, aýdymçylar, sazandalar, şekillendiriş sungatynyň ussatlary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we beýlekiler döredijilikli işlemäge, hünär derejesini ösdürmäge döredilen ähli şertler üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiziň adynda Ýüzlenme kabul edip, zähmetlerine berlen ýokary baha, halkymyzyň ruhy mirasynyň baýlaşdyrylmagy ugrundaky üns-aladasy üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler we mundan beýläk-de ata Watanymyzyň bähbidine ähli bilimlerini, tejribelerini, ussatlyklaryny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdylar.
Meşhur aýdymçylaryň, ýaş ýerine ýetirijileri — dürli umumymilli döredijilik bäsleşikleriniň ýeňijileriniň, iň oňat tans we halk döredijilik-etnografiýa toparlarynyň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çykyşlary hormatly Prezidentimiziň halkara hyzmatdaşlygy, şol sanda medeni gatnaşyklary ösdürmäge täze gözýetimleri açan parahatçylyk döredijilikli başlangyçlarynyň, döwrümiziň özboluşly senasyna öwrüldi. Konsertiň maksatnamasynda häzirki zaman türkmen sungatynyň baýlygy we özboluşlylygy, onuň görnüşleriniň hem-de döredijilik mekdepleriniň giň gerimliligi öz beýanyny tapdy. Ussatlyk bilen ýerine ýetirilen çykyşlar tomaşaçylarda aýratyn täsir galdyrdy.
Konsertiň ahyrynda ýaňlanan aýdym dabara gatnaşyjylaryň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, peder ýoluny üstünlikli dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza ata Watanymyzda bagtyýar durmuşda ýaşamaga döredilen mümkinçilikler üçin tüýs ýürekden hoşallygynyň beýany boldy.