Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy


Özbegistanyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti bilen duşuşdy

1-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurdumyza iş sapary bilen gelen Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowy kabul etdi. Bu barada Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi habar berýär.

Myhman ýüzbe-ýüz duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza, şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň mähirli salamyny, berk jan saglyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Özbegistanda doganlyk Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly dialogyň ösdürilmegine uly ähmiýet berilýändigi bellenildi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, Prezident Şawkat Mirziýoýewe mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi hem-de biziň ýurdumyzyň Özbegistan bilen hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak gatnaşyklaryna üýtgewsiz ygrarlydygyny nygtady.

Duşuşygyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Baş sekretary bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň duşuşygynda ÝHHG bilen köpýyllyk hyzmatdaşlygyň ösdürilýändiginiň bellenendigini aýtdy. Bu gurama bilen hyzmatdaşlyk ýylsaýyn giňeldilýär we berkidilýär. Ol täze ugurlary öz içine alýar.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow söhbetdeşligiň dowamynda Özbegistanyň daşary işler ministriniň Aşgabada şu gezekki saparynyň çäklerinde «Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» 16-njy hyzmatdaşlyk forumynyň işine gatnaşmagynyň dürli ulgamlarda hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ýollary, sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri barada pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilik döretjekdigini nygtady. Şunuň bilen baglylykda, saparyň jemleriniň iki ýurduň arasynda hemmetaraplaýyn gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna aýratyn goşant boljakdygyna berk ynam bildirildi.

Türkmenistan we Özbegistan Respublikasy sebit, ählumumy gün tertibiniň meseleleri, ozaly bilen, parahatçylygy, howpsuzlygy üpjün etmek, Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek bilen baglanyşykly meselelerde ýakyn ýa-da meňzeş garaýyşlara eýe bolup, halkara giňişlikde oňyn hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara we sebit düzümleriniň çäklerinde netijeli hyzmatdaşlyk aýratyn ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow, pursatdan peýdalanyp, Daşkent şäherinde öňde boljak Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 16-njy sammitiniň üstünlikli geçirilmegini arzuw etdi hem-de onuň netijeleriniň doly derejeli döwletara hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine we çuňlaşdyrylmagyna uly goşant goşjakdygyna ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidow strategik döwletara hyzmatdaşlygyň mizemez dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanmak bilen, geljekde-de iki doganlyk halkyň bähbidine üstünlikli ösdüriljekdigine ynam bildirdiler.