Hormatly Prezidentimiz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy


Hormatly Prezidentimiz Aşgabat we Arkadag şäherlerinde alnyp barylýan gurluşyk işleri bilen tanyşdy



14-nji noýabrda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow dikuçarda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde we onuň töwereklerinde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär.

Bellenilişi ýaly, döwlet Baştutanymyzyň ýanynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň senagat-gurluşyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary B.Annamämmedow boldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşynyň dowamynda Aşgabadyň täze gurluşyklarynda hem-de Arkadag şäheriniň çäklerinde ýaýbaňlandyrylan işleriň gidişini, şeýle hem ýurduň paýtagtyny durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeleriň amala aşyrylyşyny synlady.

Aşgabadyň günbatar böleginde, hususan-da, Gurtly we Köşi ýaşaýyş toplumlarynyň çäginde otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan has oňaýly ýaşaýyş jaýlary guruldy. Bu toplumlarda ugurdaş durmuş desgalarynyň bina edilmegine aýratyn üns berildi. Belentlikden şäheriň bu künjeginde ýaýbaňlandyrylan gurluşyk işleriniň gerimi aýdyň görünýär.

Hormatly Prezidentimiziň dikuçary Aşgabadyň günbatar künjegine tarap ugur alyp, döwlet Baştutanymyz guşuçar belentlikden Büzmeýin etrabynyň çäklerinde gurlan dürli maksatly binalary, häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän ýaşaýyş jaý toplumlaryny we häzirki döwürde gurluşygy batly depginlerde dowam edýän toplumlarda alnyp barylýan gurluşyk işlerini synlap, ýerine ýetirilýän işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň wajypdygyna ünsi çekdi.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dikuçary Arkadag şäheriniň ýokarsynda öwrüm etdi. Häzirki döwürde täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň işlerine badalga berildi. Ozal habar berşimiz ýaly, ýakynda täze şäheriň çägini giňeltmek boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň karary kabul edildi. Döwlet Baştutanymyz resminamadan gelip çykýan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegi ugrunda hemmetaraplaýyn tagalla edilmelidigini belledi we bu babatda wise-premýer B.Annamämmedowa degişli düzümler bilen bilelikde iş alyp barmagy tabşyrdy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow uçuşyň dowamynda paýtagt şähere barýarka, türkmen halkynyň beýik geçmişiniň şaýady bolan Parfiýa döwletiniň merkezi Nusaý galasyny synlady. Bu ýerde degişli rejeleýiş işleri yzygiderli alnyp barylýar.

Döwlet Baştutanymyzyň dikuçary häzirki wagtda gurluşygy batly depginlerde dowam edýän Stomatologiýa merkeziniň ýokarsynda öwrüm etdi. Şeýle hem döwlet Baştutanymyz şäheriň merkezi böleginde ýerleşýän seýilgäh zolagyny we onuň çäklerinde bar bolan ugurdaş desgalary synlap, seýilgähiň arassaçylygyny we abadançylygyny üpjün etmek meselelerini hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.

Soňra hormatly Prezidentimiziň dikuçary Halkara fiziologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygynyň dowam edýän künjegine tarap ugur aldy.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şäheriň demirgazyk künjeginde alnyp barylýan gurluşyk işlerini, hususan-da, Çoganly ýaşaýyş toplumynda Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkeziniň gurluşygyny synlady.