«Kitap-ruhy hazyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi


«Kitap-ruhy hazyna» ady bilen söhbetdeşlik geçirildi

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezileşdirilen kitaphanalar ulgamy, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynyň bilelikde gurnamagynda «Kitap-ruhy hazyna» ady bilen Döwletmämmet Azady adyndaky Arkadag şäher kitaphanasynda söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda türkmen medeniýetini we sungatyny dünýä ýaýmakda we mundan beýläk-de ösdürmekde uly işleriň alnyp barylýandygyny belläp geçdiler. Milli medeniýetimiziň esasy ruhy hazynasy bolup durýan kitaplaryň, kitaphanalaryň işini ösdürmek döwrebap kämilleşdirilýär. Akyl-paýhasy, dürdäne pikirleri, öňdebaryjy tejribeleri, täsinlikleri özünde jemleýän kitaplar adamzadyň ykbalynda mäkäm orun alýandygyny, şeýle gyzyldan gymmatly hazynanyň ýerlikli saklanmagy we ýurdumyzyň geljekki ýaş nesillerine ýetirmekde ägirt uly işler durmuşa geçirilýär.

Kitap ruhy baýlygyň gözbaşy, kämilligiň açary hasaplanylýar. Ylaýta-da, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkyna peşgeş beren ähli ajaýyp kitaplarynyň pähim-paýhasa ýugrulandygyny, milli ýol-ýörelgelerimizi, däp-dessurlarymyzy geljekki nesillere öwretmäge gollanma bolup durýandygy barada giňişleýin söhbet edildi. Söhbetdeşlik «Altyn asyr» teleýaýlymynyň «Söz mülküniň bossany» gepleşiginde ýazgy edildi.