GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ HALKARA YNSANPERWERLIK ÇÄRELERINIŇ MAKSADY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEKDIR


GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW ADYNDAKY HAÝYR-SAHAWAT GAZNASYNYŇ HALKARA YNSANPERWERLIK ÇÄRELERINIŇ MAKSADY HOWANDARLYGA MÄTÄÇ ÇAGALARA HEMAÝAT BERMEKDIR



19-njy iýulda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen bina edilen Arkadag şäherinde ýerleşýän Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna Ukrainadan hoşallyk haty gelip gowuşdy. Şanly waka mynasybetli bu ýerde geçirilen dabara Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri, gaznanyň müdiriýetiniň agzalary, Arkadag şäheriniň häkimi, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary, şeýle-de Ukrainanyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi gatnaşdylar.