TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY GERMANIÝA FEDERATIW RESPUBLIKASYNA UGRADY
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary bilen Germaniýa Federatiw Respublikasyna ugrady.
Häzirki döwürde Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan halkara hyzmatdaşlyk syýasatynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli amala aşyrylmagy netijesinde Türkmenistanyň dünýäniň islendik gyzyklanma bildirýän ýurdy bilen ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gatnaşyklarynyň ösdürilmegine möhüm ähmiýet berilýär.
Birnäçe sagatdan soňra, Milli Liderimiziň uçary Berlin şäheriniň «Berlin – Brandenburg» Halkara howa menziline gondy. Howa menzilinde Gahryman Arkadagymyzy dostlukly ýurduň resmi adamlary mähirli garşyladylar.
Şeýle hem howa menzilinde türkmen halkynyň Milli Liderini Türkmenistanyň Hökümet wekiliýetiniň agzalary mähirli mübäreklediler.
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iş sapary wagtynda özi üçin niýetlenen kabulhana tarap ugrady.