Immun ulgamy — gorag ulgamy


Immun ulgamy — gorag ulgamy



Möwsümleýin keseller bilen göreşmekde bedeniň immun (gorag) ulgamyny guüýçlendirmek örän wajypdyr. Wagtynda bejerilmedik dowamly keseller, ganazlyk, zyýanly endikler, daşky gurşawyň ýaramaz täsirleri immun ulgamyny tapdan düşürip biler. Ony güýçlendirmek çärelerini geçirmek üçin ýaşaýyş düzgünlerini üýtgedip, zyýanly endiklerden el çekmeli. Immunitetini ýokarlandyrmagy maksat edinenlere lukmanlar aşakdaky maslahatlary berýärler:

— eger sizde ganazlyk keseli bar bolsa, lukmanyň gözegçiligi astynda onuň görnüşini anyklap, demir saklaýan gerdejikler, sanjymlar, ýörite berhiz arkaly özüňize laýyk gelýän bejergi tapgyryny alyň;

— ganazlyk, esasan, C witamininiň ýetmezçiliginden ýüze çykýar we bedeniň ýokanç kesellere garşylyk görkezijiligi peselýär. Uly yaşly adam gije-gündiziň dowamynda 50 — 80 mg C witaminini kabul etmelidir. C witamini kelemde, soganda, sarymsakda, pomidorda, limonda, itburunda, kartoşkada we başga-da birnäçe ösümlikleriň miwelerinde bolýar;

— iýýän önümleriňiziň we içýän suwuňyzyň hiline üns beriň! Täze we tebigy önümlerden nahar taýynlaň! Suwy arassalamak üçin 2 we 3 basgançakly suw arassalaýjylardan peýdalanyň;
— wagtly-wagtynda iýmitleniň we iýmitiňiziň dürli-dürli bolmagyny gazanyň! Ol täze ir-iýmişlerden, ter gök önümlerden, ýokary hilli et we süýt önümlerinden, balykdan ybarat bolmalydyr. Içegede immuniteti ýokarlandyrýan biologik maddalar işläp çykarylýar. Esasan hem, süýt önümleri bolan gatyk, ýogurt, peýnir onuň kadaly işlemegine ýardam edýär;

— zyýanly endiklerden gaça duruň;

— özüňize zor salmazdan, ýygy-ýygydan fiziki maşklary ýerine ýetiriň. Käbir adamlar irki maşklary etmekden lezzet alsa, käbirleri ylgamakdan, gündogar sagaldyş amallaryndan (aýkido, sigun), ýogadan peýda tapýar;

— ruhy dartgynlylyk ýagdaýlaryndan özüňizi goraň! Durmuşyňyza göwnüňizi göterýän duýgulary ornaşdyryň: dostlaryňyz bilen gatnaşyň, öz halaýan güýmenjeleriňiz bilen meşgullanyň. Şähdaçyk adamlaryň seýrek keselleýändigini alymlar bireýýam subut etdiler;

— gije-gündiziň dowamynda 8 sagatdan az bolmadyk wagt ýatyp, ýeterlik ukyňyzy almaga çalşyň!