“Geldi Pyragynyň küýsän zamany”
Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 7-nji çagalar sungat mekdebinde “ Geldi Pyragynyň küýsän zamany “ atly aýdym-sazly gürrüňdeşlik çäresi geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ýurdumyzda jemşidiň jamyna deňelýän, söz mülküniň ussady Magtymguly Pyraga uly hormat goýulýar. Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy, akyl paýhasa ýugrulan ajaýyp eserleri adamkärçiligiň, mertligiň, watançylygyň, ynsabyň ölçeg daşy bolup türkmen halkynyň arasynda asyrlar boýy ýaşap gelýär. Ol öz halkynyň azatlygyny, özbaşdaklygyny, Garaşsyzlygyny arzuw eden, halk arasynda uly hormata mynasyp bolan nusgawy şahyrdyr.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz halkyna ajaýyp şygyrlary bilen hyzmat eden şahyryň doglan gününiň 300-ýyllygyny 2024-nji ýylda bellemek hakynda hormatly Prezidentimiziň çykaran karary hem beýik şahyra goýulýan uly hormatdan nyşandygy dogrusynda gürrüň edildi.
Çäräniň dowamynda 7-nji çagalar sungat mekdebiniň “Owaz “ skripkaçylar toparynyň ýerine ýetiren sazlary, “ Mukam ” dutarçylar toparynyň Magtymguly Pyragynyň sözlerine ýerine ýetiren aýdymlary, “Nakgaş” bölüminiň okuwçylarynyň Pyragynyň döredijiligine bagyşlap çeken suratlary hem-de “ Bagtymyzyň berkararlyk binýady“ atly Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp mekdep kitaphanasynyň guran sergisi çärä gatnaşan myhmanlarda uly täsir galdyrdy.
Aýdym-sazly gürrüňdeşlik çärämize gatnaşan myhmanlar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny, ösüp gelýän ýaş nesillerimize okamaga, döretmäge, döredijilikli zähmet çekmäge döredip berýän ähli mümkinçilikleri üçin ýürek buýsançlaryny aýtdylar.