Nowruzym — gadymy Oguz baýramy
Sen bir nurly sene, oguz baýramy,
Gözbaşyňda janlanyşyň güýji bar.
Dünýä doldy şan-şöhratyň ýaýrawy,
Sende bişen semeniler süýji bor,
Sende gül baharyň ýaşyl täji bar.
Garlar eräp, joşup akar bulaklar,
Ene ýer özgerip gider sürümden.
«Tüýtätinden» posun açar gulaklar,
Sen gözüme Erem kimin göründiň,
Ynsanperwer dünýä bolup berildiň.
Täzelik sen, nurly Günüň ýüregi,
«Buşluk!» diýýär ho-ol mawuja jümjüme.
Tebigatyň adamzada bereni,
Eý, Nowruzym, bu Zeminiň genjimiň?!
Pursatlaryň kalbymdaky enjimen.
Ylym bolduň sözlerinde Haýýamyň,
«Nowruznama» asman syryn söýläni.
Syrçasy deý döwrüň, bagtly eýýamyň,
Köňlümizde yşkyň köşgi-eýwany,
Tebigatyň ýazan beýik Diwany!
Yrym-ynanç — şahalarda damjalar,
Bolçulykdan her düwmesi beren şan.
Ak bulutlaň ýagyp-ýagyp ynjalar,
Garagumuň, dagyň, düzüň zerewşan,
Halky bilen toý toýlaýar Kerem Şa!
Seniň bilen Zemin açar saçagyn,
Yhlaslardan öýe ýagar bereket.
Altyn eker babadaýhan — goç ogul,
Tabakdaky tylla çäjiň ýere sep,
Ammarlaryň gulpun açar bereket.
Dünýä bilen toý toýlaýar Arkadag,
Nowruz toýy — ynsanperwer gatnaşyk.
Ýörelgede halkymyzyň görki bar,
Şan-şöhraty dünýä doldy, gatnaşyp,
Toý toýlaýas, Asman, Zemin goşluşyp.
Dili sena gül Nowruzyň salamy,
Bagt paýlaýar Arkadagyň zamany.