«Halypa-şägirt»


«Halypa-şägirt»



Ýakynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkezinde Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedowyň, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedowyň, suratkeş nakgaşlar Hojamuhammet Çüriýewiň, Azat Myradowyň «Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany» ýylynda, şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýuna bagyşlanan «Halypa-şägirt» atly şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň döredijilik sergisi geçirildi.

Bu sergide Türkmenistanyň halk suratkeşi Annadurdy Almämmedow hem-de Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedowyň halypalayk etmeginde şägirtler. suratkeş nakgaşlar Hojamuhammet Çüriýew bilen Azat Myradowyň soňky ýyllarda döreden iň naýbaşy eserleri görkezildi. Uzak ýyllaryň dowamynda ýaşlara halypalyk eden suratkeş Annadurdy Almämmedowyň sekiz sany uly nakgaş eserleri bilen bir hatarda dört sany uly göwrümli triptih eseri sergilendi. O1 türkmen tebigatynyň gaýtalanmajak gözelliklerini ýagly reňkleriň sazlaşygynda ýerine ýetiripdir. Olardan: «Ak daglaryň aýdymy», «Aýly gije, «Altyn güýz», «Bahar», «Gerkez deresi», «Garagumuň gülleri», «Gülälekli meýdan», «Aýwa gülleri» atly eserleridir.
Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Allamyrat Muhammedowyň milli mirasymyza, taryhy şahsyýetlerimize, däp-dessurlarymyza bagyşlap 13 sany uly göwrümli nakgaş eserleri sergilendi. Ussat halypa nakgaşyň Türkmenistanda we daşary ýurtlarda meşhurlyga eýe bolan «Nowruz», «Gardäli Gökleň», «Soltan Sanjar», «Abiwerdi Enweri», «Türkmen toýy», «Nejimeddin Kubra», «Iner söweşi», «Dehistan salgymlary», «Gündogar sonatasy», «Abu Sahit Abul Haýyr-Mäne baba», «Meşhur sazanda Amangeldi Gönibek», «Nurberdi han» atly eserleri görkezildi. O1 bu eserlerini Türkmenistanyň taryhynda watansöýüjiligi, özüniň edermenligi, gaýduwsuzlygy, danalygy, filosofiýasy ýa-da aýdym-sazy bilen uly yz galdyran şahsyýetlerimiziň taryhy keşplerini şekillendirmekde, dikeltmekde dok ýyly reňkleriň üsti bilen suratlandyrypdyr.

Sergä gatnaşan nakgaş suratkeşlerimiziň ýene-de biri ussat nakgaş Hojamuhammet Çüriýewdir. Suratkeşleriň içinde öz ýoly bilen tapawutlanýan nakgaş bu sergide kendiriň ýüzüne garyşyk tehnikada 14 sany uly göwrümli döredijilik işlerini görkezýär. Suratkeş esasan ene-mamalarymyzyň, gelin-gyzlarymyzyň nesilden-nesile geçip gelýän el hünärlerini, türkmen milli toý däp-dessurlarymyzy al-elwan reňkleriň garyşmagynda wasp edipdir. Olardan: «Gyz-gelinleriň el hünäri», «Halyçylar», «Keçeçiler», «Tara dokalyşy», «Awçylar», «Keşdeçi», «Türkmen toýy», «Çörek bişiriji», «Toý. Gelinalyjy», «Toý bagşylar», «Toý palawy» «Säher bilen» eserleridir. Ösüp barýan ýaş şägirt suratkeşlerimiziň biri-de nakgaş suratkeş Azat Myradowdyr. Halypalaryndan ak pata alan bu suratkeş häzirki zaman ýaş suratkeşleriň içinde ussatlaryň biri hasaplanýar. Ol bu sergide uly göwrümli 18 sany nakgaş eserlerini görkezdi. Suratkeşiň özboluşly ýoly bar. Onuň aglaba eserleri gadymy Gündogaryň taryhy bilen baglanyşykly türkmen dessanlarymyzyň wakalary esasynda türkmen milliligine mahsus bolan gyzyl-goňur dok reňkleriň öwüşgininde döredilendir. Olardan: «Şasenem-Garyp», «Gülpamyň tapylyşy», «Akylly çopan», «Oguzhanyň ogullary», «Röwşeniň synagy», «Kerwensaraý», «Soltanyň ilçileri kabul etmegi», «Tahyryň tapylyşy», «Rowaýat», «Nuhuň gämisi», «Müsürde şa bolanyňdan Kenganda geda bol», «Röwşeniň synagy», «Göroglynyň döreýşi», «Arap tilli söwdügim», «Çyn bilen ýalanyň arasy», «Soltan Söýün Myraly» suratlarydyr. Bu ajaýyp eserler sergä gatnaşanlarda uly täsir galdyrdy.

Dabara gatnaşanlar her bir raýatyň zehinini açyp görkezmäge, döretmäge, berýän mümkinçilikleri üçin, halypa-şägirtlik ýolunda mekdep bolup duran Gahryman Arkadagymyza sag bolsun aýtdylar. Il-ýurt bähbitli alyp barýan işleriniň rowaç bolmagyny arzuw etdiler.