TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI


TÜRKMENISTANYŇ DÖWLET HOWPSUZLYK GEŇEŞINIŇ GIŇIŞLEÝIN MEJLISI



3-nji awgustda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň giňişleýin mejlisini geçirdi.
Mejlisde harby we hukuk goraýjy edaralarynda şu ýylyň ýedi aýynda ýerine ýetirilen işleriň jemlerine, bu düzümleriň öňünde durýan wajyp wezipelere garaldy. Şeýle hem harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny döwrebaplaşdyrmak, onuň düzümlerine sanly ulgamy ornaşdyrmak meseleleri, şeýle hem beýleki wezipeleri ýerine ýetirmegiň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.