Dostlugyň baýramy


Dostlugyň baýramy



«Halkyň Arkadagly zamanasy» ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz bedew batly ösüşleriň, ajaýyp özgerişleriň ýurduna öwrüldi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, gadymy Daşoguz topragynda türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynyň üstünlikli geçirilmegi ýatdan çykmajak ajaýyp dabaralaryň biri boldy. Goňşy döwletler bilen dost-doganlyk we medeni gatnaşyklarymyzy berkitmekde hem ösdürmekde dostluk festiwalyna uly orun degişlidir. Dostluk festiwalynyň dowamynda oňa gatnaşyjylar iki goňşy halkyň medeniýetde, sungatda, döredijilikde ýeten derejesi, gazanan üstünlikleri bilen ýakyndan tanyşdylar.

Türkmenistan bilen Özbegistan Respublikasynyň hormatly Prezidentleriniň bilelikdäki tagallalary netijesinde häzirki döwürde Türkmen-özbek halklarynyň dost-doganlyk gatnaşyklary yzygiderli ösdürilýär. Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýan, dürli ugurlardaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary häzirki döwürde täze derejä çykýar.

Iki dostlukly halkyň taryhy köklerinden gözbaş alýan sungatlaryň ýakynlygy, iki halky ruhy taýdan hem ýakynlaşdyrýar. Medeni gatnaşyklaryň ösdürilmegi, dost-doganlygy berkidip, halklaryň agzybirligini pugtalandyrýar.

Daşoguz şäherindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynda festiwalyň açylyş dabarasynyň hem-de iki ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň bilelikdäki dostluk konsertiniň guralmagy, festiwala gatnaşyjylaryň «Köneürgenç» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýadygärlikler toplumyna baryp görmekleri ýatda galyjy boldy. Şeýle-de festiwalyň dowamynda amaly-haşam we zergärçilik sungaty eserleriniň sergisi, sahna eserleriniň we kinofilmleriň görkezilişleri, ýazyjy-şahyrlaryň, kino sungaty işgärleriniň döredijilik duşuşyklary guraldy. Bularyň ählisi festiwalyň many-mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Festiwalyň çäklerinde medeniýet, sungat we döredijilik işgärleri birek-birek bilen tejribe alyşdylar.

Türkmen hem özbek halklarynyň medeniýetini, sungatyny, edebiýatyny wagyz etmekde dostlukly halklaryň bu ugurda gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrmakda, bu festiwalyň geçirilmeginiň ähmiýeti uly boldy.

Doganlyk özbek halky bilen ähli ugurlarda dostlukly gatnaşyklarymyzy gülledip ösdürýän hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň janynyň sag, ömrüniň uzak, belent maksatlarynyň hemişe üstünliklere beslenmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris. Hormatly Prezidentimiziň, Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda, dünýä halklarynyň milli medeniýeti, sungaty has-da dabaralansyn.



Ogulgurban GAŞLAKOWA.