TÜRKMENISTAN—RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY: NETIJELI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR


TÜRKMENISTAN—RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ TATARYSTAN RESPUBLIKASY: NETIJELI HYZMATDAŞLYK PUGTALANDYRYLÝAR

15-nji maýda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady. Gahryman Arkadagymyzy paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.

Milli Liderimiziň bu gezekki sapary Russiýanyň iri sebitleri bilen ýakyn hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ýolunda nobatdaky ädim bolup durýar. Şeýle hyzmatdaşlyk Russiýa Federasiýasy bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň aýrylmaz bölegidir. Tatarystan Respublikasy bilen özara bähbitlilik, uzak möhletleýinlik ýörelgeleri, bilelikdäki işiň oňyn tejribesi esasynda alnyp barylýan köpýyllyk netijeli gatnaşyklar munuň aýdyň mysalydyr.

«Türkmenistan» gazeti