Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym


Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we Şekillendiriş sungatynyň sergi merkezi, Türkmenistanyň Suratkeşler birleşigi bilen bilelikde gurnamaklarynda Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli «Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym» atly ýurdumyzyň suratkeşleriniň şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserleriniň sergisi açyldy.

Sergide Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň agzalary hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlarynyň hem-de talyp ýaşlarynyň we Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň suratkeş mugallymlarynyň eserlerinden Saparmämmet Meredowyň «Gözel diýarym», Baýram Nuryýewiň «Un aşly natýurmort», «Ýüzärlik natýurmort», Berdisähet Gurbansähedowyň «Süri», Yhlas Allanazarowyň «Aýdyň gelejek», Baýram Mämiýewiň «At döwletdir», Annagylyç Mämmetgulyýewiň «Garaşsyzlyk», Merdan Kakabaýewiň «Dessanlarda Watan waspy», «Kitaplar we dutar», Şeker Hudaýberenowanyň «Ýagyşdan soň», Jeren Abdullaýewanyň «Toý semenesi», Aýnabat Gullakowanyň «Ýaş suratkeş», Leýli Nurmämmedowanyň «Ýüpek ýoly», Begenç Saparowyň «At oýuny», Kömekgeldi Orazdurdyýewyň «Magtymguly Pyragy», Gyzylgül Hudaýberdiýewanyň «Bitaraplygyň waspçysy», Annageldi Hojaberdiýewiň «Ak şäherim Aşgabat», Maýsa Narkulyýewanyň «Arkadag şäheri döwrüň sungaty», Aýjemal Sýadiýewanyň «Asudalyk», Dinara Rozyýewanyň «Ýurduň toýy» ýaly eserleri bolup, sergide suratkeşiň 53-den gowrak işleri olardan nakgaş, gobelen ýaly sungat eserleri görkezildi. Bu sungat eserlerinde bagtyýar zamanymyzyň waspy, peýzaž bilen baglanyşykly däp-dessurlarymyz, gözelligi hem-de sergide görkezilýän sungat eserlerinde Türkmenistanyň Konstitusiýasy we Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli bagyşlanan eserler bilen tapawutlanýar. Eziz Watanymyzyň gözel tebigaty, ak mermerli owadan şäherimiz arassa, asuda ýurdumyz, gündelik durmuşyň gyzykly sahnalary mynasyp suratlandyrylýar.