NAKGAŞLYK SUNGATYNYŇ USSATLARY
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen şekillendiriş sungatynyň ösmegi we kämilleşmegi ugrunda özüniň mynasyp goşandyny goşýan suratkeşleriň birnäçesi irmän-arman zähmet çekýärler. Bagtyýar zamanamyzy, eşretli durmuşymyzy, zähmetkeş halkymyzyň keşbini we türkmeniň milliliklerini wasp edýän täsirli eserler suratkeşleriň döredijiliginiň miweleridir.
Özboluşly döredijilik ýoly, ýagty çeperçilik özboluşlylygy durmuş hakykatyny çuňňur duýýanlygy bilen Mary suratkeşleriniň arasynda öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýan birnäçe suratkeşler degişlidir. Olara Ata Akyýew, A.Myradalyýew, Kössekmyrat Nurmyradow degişlidir. Ata Akyýew döredijiligi halkymyzyň arasynda giňden tanalýar hem-de meşhurlyga eýedir. Onuň kendirindäki döreden şekillerinde gummanizm alamatlary bolmak bilen ony tomaşaça bermeklige synanyşýar. Şeýle-de onuň döredijiliginde halkymyzyň häzirki durmuşy, taryhy kökleri beýan edilýär. Ata Akyýewiň birnäçe eserleri muzeýleriň, şahsy kolleksiýalaryň diwarlaryny özboluşly bezeýändigini guwanç bilen aýtmak ýerliklidir. Ol häzirki zaman türkmen şekillendiriş sungatynda yz goýmagy başardy we geljekki türkmen suratkeşleriniň döredijiligine gowy täsirini ýetirer. Onuň döredijiligi we milli hem-de filosofik ruhy garaýyşlar häsiýetli bolmak bilen, Mary suratkeşleri adyny alan döredijilik toparynyň sanawyna özboluşly sahypa bolup girdi.
Ata Akyýew «Döredijilige başlan ilkinji ýyllarymyzda, ýagny geçen asyryň 70-nji ýyllaryň ikinji ýarymynda meni esasy tolgundyran zatlaryň biri «Mukam» (1978) eserindäki şahsyýetleriň keşbi». Ata Akyýewiň bu özboluşly kompozisiýasy bir mukamyň daşyna hyýaly jemlenen şahsyýetlerimiziň halkymyzyň bir bitewi sütünidigini nygtaýar. Ol mukam Türkmen halkynyň mukamy. Hamala eserden balsaýadyň owazy eşidilip duran ýaly, kompozisiýanyň merkezinde oturan Sahy Jepbarowyň keşbi joşgunly, hyjuwly beýan edilýär. Goňur, mele, sary, gyzyl reňkler taslamany düzmek bilen olary suratkeş batyrgaýlyk bilen goýýar. Ata Akyýewiň bu eserindäki reňk goýuş tilsimini synlanyňda Türkmenistanyň halk suratkeşi Çary Amangeldiýewiň şol ýyllardaky döredijilik tilsimine ýakynlygy duýulýar. Sebäbi suratkeş bu eseri döredende öz halypasyndan täsirlenendigini nygtaýar. Merkezde oturan Sahy Jepbarowyň şeýle-de onuň daşyny alyp oturan ХХ asyrda türkmen intelligentleriniň keşbi düzýär.
Ata Akyýew «Mukam» (1978)
Mary suratkeşleriň ýene biri-de Kössekmyrat Nurmyradowdyr. Suratkeşiň eserleri ýönekeý, sada çeperçilik akymyndaky işler diýip çekinmän aýtmak bolar. Sebäbi sadadan umumylyklar erkin görkezilýär. Şonuň bilen birlikde-de nyşanlar köp mukdarda görkezilýär. Türkmen şekillendiriş sungatynda hat-da döwrebap türkmen sungatynda hem suratkeşiň tilsimine meňzeş eserleri döredýän suratkeş ýokdugy, onuň özboluşlydygyna şaýatlyk edýär. Eger-de onuň özboluşly çeperçilik dili hakynda aýtsak, onda gündogara mahsus bolan miniatýura äheňlerini ulanyp täze eserleri döredýändigini nygtamak zerurdyr. Suratkeşiň eserleriniň gündogar äheňde dörediliş setir tegmilleri tapyşy, kompozision gurluşy onuň öňe çykmagyna getirýär.
Suratkeşiň döredijiliginde has özüne çekiji we ýagty çeperçilik häsiýete eýe bolan eserleriniň tematikasy «Bazar» atly eserleriň toplumydyr. Ol eserlerinde köp figuraly ýerine ýetirilýär we halk däplerini aýdyň görmek bolýar. Eserleriniň reňk gammasy gündogara mahsus ýagty we ýyly bolmak bilen eseriň özboluşly gymmatyny artdyrýar. Hut bazar temasy suratkeşiň iň köp ýerine ýetiren işleriniň hataryna girýär. Sebäbi suratkeş ýaşlykda öz watanyndaky bazarlarda bolmagy, onuň aňynda galan ýagşy ýatlamalary kendire endigan siňýär. Gündogara mahsus bazarlaryň baýlygy, ondaky täjirleriň we alyjylaryň köplügi kompozisiýany has-da baýlaşdyrýar.
Kössekmyrat Nurmyradow «Bazar» (1989)
Suratkeş Annadurdy Myradalyýewiň eserlerinde adamlaryň ruhy dünýäsiniň içki ýagdaýlary dürli başdan geçirmeleri duýgy düşünjelerini äşgär edýär. Nakgaşçylykda reňkleriň ähmiýeti uludyr. Onuň eserleriniň esasy aýratynlygy adamlaryň başdan geçirýän oý-pikirleriniň, duýgularynyň we gaýgy hasratlarynyň aýdyň keşbini şekillendirip görkezýär. Eýsem, ol jebir sütemi gara koloritde şol ahwalaty beýan etmekde möhüm orun eýeleýär. Şekillendirilýän eserlerde dürli elementleri ulanmak bilen adamyň iň näzik, iň inçe duýgulary emosional başdan geçirmeleri gönüden-göni beýan edip bilýär.
Annadurdy Myradalyýewiň öz eserlerine siňdirýän düýpli pikir-garaýyşlarynda filosofiýa ýakynlyk duýulýar. Mälim bolşy ýaly, pelsepe ylmynyň bu gadymy akabasynda adam älem gurluşynyň aňrybaş kiçeldilen, bu nusgawy hökmünde kabul edilýär. Ýöne bu eserlerde filosofiýa dünýägaraýşy millilik häsiýetlere eýe bolýar hem-de halkyň ruhy-ahlak köklerinden dirilik güýjüni alýar. Filosofiki garaýyşly pikir ýöretmelerde suratkeş öz dünýäni kabul edişi, görüşi millilik däplerinde wasp etmek bilen tomaşaça aýdyň garaýyşda beýan edýär.
Annadurdy Myradalyýewiň «Bagşynyň maşgalasy» (1989) atly eseri hem özboluşly ýazylyş we beýan edilişi usuly bilen tapawutlanýar. Suratkeş eserde halkymyzyň uzak taryhynyň akymyndan gözbaş alan ruhy medeniýetimizde aýdymdyr-sazlaryň we bagşylyk sungatyna uly ornuň degişlidigini beýan etmek isläpdir. Taslama çözgüdinde agzybir maşgala suratlandyrylyp, sudurlar takyk däl-de aýratyn usul bilen suratlandyrylan. Eli dutarly ýaşuly adam esere aýratyn öwüşgin çaýýar, sebäbi dutar – türkmenleriň durmuşynda esasy orun alýan saz guraldyr. Dutaryň has irki we gadymy gural bolany üçin, bu guralyň döreýşi hakynda belli bir maglumat galmandyr. Emma, ol barada köp rowaýatlar biziň günlerimize gelip ýetipdir. Eserde bagşynyň maşgalasy we onuň ogly tomaşaça nazaryny aýlap, olar oturan ýagdaýda suratlandyrylan. Bagşyny we onuň maşgalasyny umumy bir bitewilikde suratlandyrmak bilen suratkeş onuň durmuşynda maşgalanyň wajyp orun tutýandygyny görkezmek isläpdir. Suratlandyrylýan adamlar esasan ýaşyl we çal reňklerde ýerine ýetirilen, ýöne zenanyň gyzyl baş atgyjy bolsa esere çürt-kesiklik berýär. Sudurlar we keşpler jikme-jik işlenmesede şekillendirilýän sudurlar anyk görkezilen.
Geljekde-de suratkeşleriň döredijiliginiň has hem baýlaşjakdygyna, galamy ýiti bolup, reňk çotgalarynyň täsiri bilen köp öwüşgünli eserleri döretjekdigine ynanýarys we bu eserler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda sungat muşdaklarynyň köňüllerinde orun tutsun. Jadylaýjy sungat dünýäsinde gazanan şeýle ussatlaryň döredijilik ýoluny öwrenmek, bilmek we onuň eserleriniň ähmiýetine düşünip, seljerip halka ýetirmek, biz sungaty öwrenijileriň esasy borjudyr.