TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ HALK SYÝASY KONSULTATIW GEŇEŞINIŇ ÄHLIHYTAÝ KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HYTAÝYŇ HALK SYÝASY KONSULTATIW GEŇEŞINIŇ ÄHLIHYTAÝ KOMITETINIŇ BAŞLYGYNYŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

18-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Hytaýyň Halk syýasy konsultatiw geňeşiniň Ählihytaý komitetiniň başlygynyň orunbasary hanym Şen Ýueýueni kabul etdi.

Myhman mähirli kabul edilendigi we bildirilen myhmansöýerlik üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip, döwlet Baştutanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa Hytaý Halk Respublikasynyň Başlygy Si Szinpiniň we Döwlet Geňeşiniň Premýeri Li Sýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Şeýle-de myhman akyldar şahyr Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň gününe bagyşlanyp geçirilýän baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmagynyň özi üçin uly buýsançdygyny belläp, hormatly Prezidentimizi şanly wakalar bilen tüýs ýürekden gutlady.

«Türkmenistan» gazeti