Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy


Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han konserwatoriýada myhmançylykda bolmagy

2024-nji ýylyň 17-nji maýynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda şahyr Magtymguly Pyragynyň ýadygärliginiň we medeni-seýilgäh toplumynyň şowhunly açylyş dabarasy geçirildi. Bu dabara daşary ýurtdan birnäçe myhmanlar gelip tomaşa etdiler. Açylyş dabarasyna gelen myhmanlaryň biri Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Medeniýet institutynyň prezidenti Saad Han Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda myhmançylykda boldy. Bu bolsa Garaşsyz, hemişelik bitarap Türkmenistan dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändiginiň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Myhmanyň ilki bilen Maýa Kulyýewanyň muzeýine gelip görmegi, Maýa Kulyýewanyň muzeýiniň döredilendigi hakyndaky täsin gürrüňlerini diňlemegi, onuň suratlary bilen tanyş bolmagy ony diýseň begendirdi. Soňra şol ýerde Türkmenistanyň halk artisti Şemşat Hojaýewanyň ýolbaşçylyk etmegindäki Gyzlar bagşylar toparynyň ýerine ýetirmeginde «Türkmeniň» atly türkmen halk aýdymyna, konserwatoriýanyň 2-nji ýyl talyby Berdimuhammet Atabaýewiň ýerine ýetirmeginde «Şasenem-Garyp» dessanyndan bir parça tomaşa etdi. Çykyşdan soňra, şol ýerde bilelikde ýadygärlik surata düşdiler.

Muzeýden soňra, myhman konserwatoriýanyň kiçi zalyna bardy, ol ýerde gyzgyn el çarpyşmalar bilen myhmany garşy aldylar. Konsertde estrada sungaty kafedrasynyň mugallymy Arzygül Gylyjowanyň ýerine ýetirmeginde «Şasenem- Garyp» operasyndan Şasenemiň ejesine ýalbarmasyny, Aýbölek Muhyýewanyň skripkada ussatlyk bilen ýerine ýetirmeginde A.Şapoşnikowyň «Türkmen tansy», konserwatoriýanyň 3-nji ýyl talyby Çaryýar Ataberdiýewiň fortepianoda ýerine ýetirmeginde Baýramdurdy Hudaýnazarowyň «Tokkata» eserine tomaşa etdi.

Soňra myhman konserwatoriýanyň uly zalyna bardy, ol ýerde hem halk saz gurallary orkestri myhmany gyzgyn el çarpyşmalar bilen garşy aldylar. Dabaranyň dowamynda Türkmenistanyň at gazanan artisti Omar Igamowyň ýolbaşçylygynda halk saz gurallar orkestriniň sazandarlyk etmeginde, konserwatoriýanyň 5-nji ýyl talyby Jumageldi Aliýewiň dutar saz guralynda ýerine ýetirmeginde, Gurban Kulyýew we Sapar Mämiýew «Türkmen temalaryna Fantaziýa», Amannazar Arslanowyň fortepianoda ussatlyk bilen çalmagynda Gurban Kulyýewiň konsert poemasy, 5-nji ýyl talyby Azat Bazarow Nury Halmämmedowyň «Duran ýerleri» atly aýdymy ýaňlandy.

Dabaranyň ahyrynda hemmesi bilelikde ýadygärlik surata düşdiler. Myhmanyň «Men bu ýere gelip gowy dynç aldym, konsertde birnäçe sazlary diňläp lezzet aldym» diýmegi olary diýseň begendirdi we buýsandyrdy.

Soňra myhman Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň rektory Resul Amangeldiýew bilen söhbet etdiler. Gürrüňdeşlikden soň konserwatoriýanyň ýolbaşçysy myhmana türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň döreden «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly kitabynyň iňlis dilindäki terjime edilenini sowgat berip, kitabyň içindäki zatlar barada gürrüň berdi. Ondan başga-da Magtymguly Pyragynyň goşgularyna döredilen, konserwatoriýanyň halypa mugallymlarynyň aýdan aýdymlaryndan düzülen diskleri sowgat berdi. Saad Han türkmen halkynyň myhmansöýerligi, berlen ajaýyp sowgatlar üçin köp sagbolsunlary aýtdy.



Orazjahan MÄMMETDURDYÝEWA