TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY: DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ TARYHYNDA TÄZE TAPGYR


TÜRKMENISTAN — KOREÝA RESPUBLIKASY: DÖWLETARA GATNAŞYKLARYŇ TARYHYNDA TÄZE TAPGYR

Iki dostlukly döwletiň Baştutanlarynyň arasynda gepleşikler geçirildi

10-njy iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň Türkmenistana iki günlük döwlet saparynyň çäklerinde Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Ýun Sok Ýoluň arasynda ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde dostlukly ýurduň Baştutanyny resmi adamlar garşyladylar. Bu ýerde iki ýurduň Döwlet baýdaklary we Hormat garawuly nyzama düzüldi.

Myhmansöýerligiň asylly däbine görä, belent mertebeli myhmana duz-çörek hödürlenildi hem-de gül desseleri gowşuryldy. Howa menzilinden Prezident Ýun Sok Ýol sapar wagty özi üçin niýetlenen, paýtagtymyzyň kaşaň «Oguzkent» myhmanhanasynda ýerleşýän kabulhanasyna tarap ugrady.

«Türkmenistan» gazeti