TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «DRAGON OIL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «DRAGON OIL» KOMPANIÝASYNYŇ ÝERINE ÝETIRIJI DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Dragon Oil» kompaniýasynyň Ýerine ýetiriji direktory Ali Raşid Al Jarwan bilen duşuşdy.

Kompaniýanyň ýolbaşçysy wagt tapyp kabul edendigi we hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak babatda döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda Türkmenistan bilen BAE-niň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň özara ynanyşmak esasynda ähli ugurlar boýunça yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti