TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINIŇ ORUNBASARYNY KABUL ETDI

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Özbegistan Respublikasynyň Premýer-ministriniň orunbasary, ykdysadyýet we maliýe ministri Jamşid Kuçkarowy kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz myhmany mübärekläp, mejlisiň işiniň dürli ulgamlardaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga, şeýle hem sebit we halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik döretjekdigini belledi.

«Türkmenistan» gazeti