Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti


Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň 1-nji çagalar sungat mekdebi akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň şahyrana şahsyýeti» ady bilen aýdym-sazly çäre geçirdi.

Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy Türkmenistanyň we türkmen halkynyň medeni gymmatlygy, ruhy hazynasy hökmünde dünýä halklarynyň aňyna ornaşýar.

Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasyna taýsyz goşant goşýan Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijiligi edebiýaty öwrenijileriň gyzyklanmasyny artdyrýan hem-de türkmen halkynyň özboluşly şahyrana dünýägaraýşyna ünsi çekýän baý edebi mirasdyr diýip akyldar şahyra bagyşlanyp döredilen kitaplar ýaş nesilde uly gyzyklanma döretdi, ýerine ýetirlen aýdym-sazly çykyşlar bu ýere gelenlere ruhy lezzet paýlady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdymyzda ähli ugurlar, şol sanda medeniýet we sungat ulgamy boýunça hem halkara gatnaşyklar giňden ösdürilýär.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Aşgabadyň günorta künjeginde, Köpetdagyň eteginde Magtymguly Pyragynyň ajaýyp heýkeliniň we nusgawy şahyryň adyny göterýän «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumynyň açylmagy akyldaryň zamananyň ösüşine, halklary, döwürleri we nesilleri birleşdirmäge goşan goşandyna düşünmäge oňaýly täsir edýär.

Çärä gatnaşanlar ukyp-başarnyklarynyň, zehinleriniň açylmagy ugrunda, söýen hünärlerini ele almagy üçin şeýle uly aladalaryň edilýändigi üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza çaga kalplaryndan joşup çykýan alkyşlaryny aýtdylar.