TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREMÝER-MINISTRINI KABUL ETDI

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Belarus Respublikasynyň Premýer-ministri Roman Golowçenkony kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin çuňňur hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza hem-de Gahryman Arkadagymyza Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň mähirli salamyny, ähli türkmen halkyna bagtyýarlyk, parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

«Türkmenistan» gazeti