ONUŇ ALYHEZRETI, KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝUN SOK ÝOLUŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY


ONUŇ ALYHEZRETI, KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI ÝUN SOK ÝOLUŇ TÜRKMENISTANA DÖWLET SAPARY

10-11-nji iýunda Koreýa Respublikasynyň Prezidenti jenap Ýun Sok Ýol Türkmenistana döwlet saparyny amala aşyrar. Bu sapar Koreýa Respublikasynyň Prezidentiniň 2019-njy ýyldan soňky bäş ýylyň dowamynda ýurdumyza ilkinji döwlet saparydyr.

2022-nji ýylyň noýabrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Koreýa Respublikasyna amala aşyran resmi sapary özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga we ösdürmäge ýardam berýän ýokary derejedäki gatnaşyklaryň işjeňleşdirilýändiginiň aýdyň güwäsi boldy.

«Türkmenistan» gazeti