«Halk saz gurallary» kafedrasynyň talyplarynyň klas konserti


«Halk saz gurallary» kafedrasynyň talyplarynyň klas konserti

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýurdumyzda milli medeniýetimize uly sarpa goýulýar. Şu ýylymyzda beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllyk toýy giňden bellenilip geçilýär.

Ýakynda, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplarynyň klas konserti geçirildi. Konsertiň başynda I-II ýyl talyplaryň ansambly daşary ýurt eserlerinden Karen Haçaturýanyň «Çippolino» baletinden «Giriş»-i, Grigoraş Dinikudan «Mart horowody», M.Adil-Geraýyň «Bahçakürt» I-II (Bahçesaraýskiý fontan) bölümlerini hem-de Andreý Petrow «Wals» eserlerini örän täsirli ýerine ýetirdiler. Bu ajaýyp çykyşlar bilen I-II ýyl talyplaryň ansambly tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy.

Soňra, Halk saz gurallary hünäriniň IV ýyl talyby Begli Kakabaýewiň ýerine ýetirmeginde Gajy Hanmämmedowyň «№4 Konsert» III bölümini, Süleýman Aleskerowyň «Şalaho» eserleri ýerine ýetirip tomaşaçylaryň el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Onuň yzy süre I ýyl talyp Baýgeldi Baýgeldiýewiň ýerine ýetirmeginde bolsa Mustafo Bafoýewiň «Poema», Astor Piazzolllanyň «Libertango» eserlerini örän şowly ýaňlanyp, onuň çykyşy tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Bu täsirli çykyşdan soňra, II ýyl talyp Nartäç Muhammedowanyň ýerine ýetirmeginde H.Magtymgylyýewiň «Tarantella», Süleýman Aleskerowyň «Tans-tokkato» eserlerini tomaşaçylara ýetirdi. Bu eserler diňleýjilerde gyzyklanma döretdi.

Daşary ýurt eseri bolan Tofig Bakyhanowyň «Konsert» batly eseriň I bölümini IV ýyl talyp Tirkeş Hojamämmedowyň ýerine ýetirmeginde ýaňlandy. Bu eser ýurdumyzyň dost-doganlyk mekanyna öwrülenliginiň waspyny ýetirýär. Soňra I ýyl talyp Azat Klyçewiň çykyş etmeginde Joakino Rossininiň meşhur «Neopolitan tarantellasy» tomaşaçylara ýetirdi. Bu çykyş örän gyzykly çykyşlaryň biri boldy. Gyzykly çykyşdan soňra, II ýyl talyp Muhammet Saparjanowyň ýerine ýetirmeginde Süleýman Aleskerowyň «№ 2 Konsert» III bölümi bilen çykyş edip gyzgyn elçarpyşmalara mynasyp boldy.

Konsertiň jemleýji çykyşyny bolsa, III ýyl talyp Babageldi Supanow jemledi. Ol Tofig Bakyhanowyň «Konsert» III bölümimi ýerine ýetirip, bu eser tomaşaçylarda uly şowhun döretdi.

Konsertiň dowamynda konsertmeýster Amannazar Arslanow hem birnäçe eserlere fortepianoda sazandarlyk etdi.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly mynasybetli Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Halk saz gurallary» kafedrasynyň mugallymy Ýakupmyrat Sytdyhowyň talyplarynyň klas konserti ýokary derejede, guramaçylykly, täsirli geçdi. Konsert tamamlanandan soňra ýadygärlik surata düşdüler.

Osman SAPARGELDIÝEW