Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert


Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen konsert

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler medeniýet we sungat işgärlerini döredijilikli işlemäge, döretmäge, öwrenmäge ruhlandyryp barha öňe alyp barýar. Ýurdumyzda Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenýär we şahyryň döredijiligi giňden wasp edilýär.

Ýakynda Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň Simfoniki orkestri, hor topary we «Aýdym aýtmak sungaty» bölüminiň mugallymlary we talyplary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyna bagyşlap, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde konsert meýilnamalary bilen üstünlikli çykyş etdiler. Konsertde ýerine ýetirilen eserleriň aglaba bölegi belli türkmen kompozitorlarynyň sazyna Magtymguly Pyragynyň sözlerine döredilen eserler bolup, dabaranyň başy okuw jaýynyň professor mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň gyzgyn el çarpyşmalary bilen başlandy. Konsertiň başynda Eziz Jumaniýazowyň ýolbaşçylygyndaky mekdebiň simfoniki orkestri Nury Halmämmedowyň döreden «Şüküriň at çapyşy», «Toý kerweni», «Hüwdi-fantaziýa» ýaly meşhur sazlary ýerine ýetirip, mekdebiň «Aýdym aýtmak sungaty» bölümüniň mugallymy Ogulgerek Pirnäýewa Nury Halmämmedowyň döreden «Hüwdi» eserini we «Aýgytly ädim» kinofilminden Artygyň aýdymyny mugallym Mergen Ataýew ýerine ýetirdiler.

Kompozitor Suhan Tüýliýewiň Magtymguly Pyragynyň sözlerine döreden «Ýeldim tut» aýdymyny mekdebiň talyby Rejepmyrat Kakamyradow ýerine ýetirip, şeýle-de Nury Halmämmedowyň «Keçpelek» kinofilminden «Duran ýerleri» we mekdebimiziň talyby ýaş kompozitor Yhlas Artykowyň döreden «Aýryldym» aýdymyny mekdebiň mugallymy Begdurdy Çerkezow uly tolgunma bilen ýerine ýetirdi. Oraz Berdiýewiň döreden «Ýatla meni» aýdymyny Kemal Möwlamberdiýew ýerine ýetirdi. Mundan başga-da türkmen halk aýdymy «Baga seýle» we kompozitor Daňatar Hydyrowyň sazyna, Gurbannazar Ezizowyň sözüne «Ýaýla hüwdüsi» eserini Mämmet Nuryýew ýerine ýetirdi. Konsertiň dowamynda daşary ýurt eserleri hem giň gerime eýe bolup, Karl Jenkins «Palladio» sazyny simfoniki orkestr tarapyndan ýerine ýetirildi. Şeýle-de konsert programmasyna laýyklykda Maýagözel Amangeldiýewanyň ýolbaşçylygyndaky mekdebimiziň hor topary, ýaş kompozitor Yhlas Artykowyň döreden «Arkadagly Gahryman Serdarymyz» eserini mekdebiň talyplary Wepa Allaşow we Muhammetaly Muhammedow simfoniki orkestr bilen ýerine ýetirdiler. Konsertiň ahyrynda institutyň mugallymlary we talyplary konserdiň diýseň gyzykly bolandygyny aýdyp, öz minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Medeniýetimizi gülletmekde we ony dünýä ýaýmakda giň mümkinçilikler döredip beren, medeniýetimiziň we sungatymyzyň hak howandary Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp-köp sagbolsunlarymyzy aýdýarys. Goý, olaryň janlary sag, belent başlary aman, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaçlyklara beslensin.

Nurana ANNABERDIÝEWA