BILDIRIŞ


BILDIRIŞ

Hormatly Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we Paýtagtymyzyň myhmanlary Sizi 27.05.2024-nji ýylda sagat 17:00-da geçiriljek Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap häkimligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasy bilen bilelikde taýýarlamagynda «AŞGABAT» Söwda-dynç alyş merkezinde Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli geçiriljek «Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany» atly aýdym-sazly baýramçylyk konserdi geçirilýär.

Çagalar üçin geçiriljek konsertde aýdymlar, oýunlar, tanslar hem-de belli türkmen hem daşary ýurt ertekilerden we multfilmlerinden sazlar, sorag-jogaplar bolar. Soraglara jogap beren çagalara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Berkararlyk etrap Geňeşi tarapyndan sowgatlar gowşurylar.