IŇLIS DILI HEPDELIGI


IŇLIS DILI HEPDELIGI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň yglan eden «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň iňlis dili hepdeligi geçirildi.

«Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy hem-de «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyny» durmuşa ornaşdyrmak boýunça hepdeligiň meýilnamasy öz işini dowam etdi.

Hepdeligiň dowamynda talyp ýaşlaryň daşary ýurt dillerini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak, pikirleniş ukyplaryny ösdürmek, topar bolup işlemek we öwrenmek endiklerini gazanmak, nazary we amaly bilimlerini berkitmek we kämilleşdirmek boýunça hem-de iňlis dilini öwrenmäge bolan höwesini artdyrmak maksady bilen birnäçe bäsleşikler, dabaraly çäreler geçirildi.

Hepdeligiň açylyş dabarasy «Geliň, iňlis dünýäsine syýahat edeliň!» atly baýramçylyk sergisi bilen dowam etdi. Dabara gatnaşyjylarda türkmen we iňlis medeniýetini görkezýän datly desterhan hem-de dürli maglumatlary özünde jemleýän bezegler uly täsir galdyrdy. Hepdeligiň çäginde Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň guramagynda «Iňlis dilini öwretmegiň innowasion usullary» atly okuw-usuly maslahaty geçirildi. Bu maslahata Türkmen döwlet medeniýet institutynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary we talyplary hem gatnaşdylar. Mundan başga-da, talyplaryň ýerine ýetirmeginde «Iňlis diliniň we sazyň sazlaşygy» atly dabaraly konserdi geçirildi. Şeýle hem geçirilen birnäçe döredijilik hem-de zehin bäsleşikleri bolan «Brain-ring», «Karaoke-battle», «Guess the flag» bäsleşikleri talyplarda uly täsir galdyrdy.

Hepdeligiň jemleýji gününde «Magtymguly Pyragy – dünýä äleminde» ady bilen geçirilen baýramçylyk sergisi iňlis hem türkmen medeniýetiniň nyşany boldy. Bu çärede talyplar söz ussadynyň goşgularyny iňlis hem türkmen dillerinde ýerine ýetirdiler. Şahyryň durmuşyndan sahnalaşdyrylan kompozisiýa bolsa, diňleýjilerde uly gyzyklanma döretdi. Edil şonuň ýaly hepdeligiň ýapylyş dabarasy hem gyzgalaňly konsert çäresi bilen jemlendi. Umuman, ýaşlaryň ýokary derejede bilim almagyna, saýlap alan hünäriniň eýesi bolmagyna ýardam bermek, olary ylyma-bilime höweslendirmek, daşary ýurt dillerinde erkin geplemek ukybyny kämilleşdirmek hem-de ýokary watançylyk ruhunda terbiýelemek baradaky hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary häzirki döwürde oňyn netijelere beslenýär.

Jeýran JORAÝEWA