Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr


Konstitusion özgertmeler döwrüň talabydyr

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyz birnäçe uly ösüşlere eýe bolýar. Biz hem öz ulgamymyz bilen bilelikde şol uly özgertmeleri wasp edip, birnäçe dabaraly çärelere gatnaşyp, öz çykyşlarymyz bilen halkymyza hödürleýäris.

Ine ýaňy-ýakynda bolsa, şol ýörelgeden ugur alnyp, ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň gününe bagyşlanyp, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda ylmy-amaly maslahat geçirildi. Bu ylmy-amaly maslahatda konserwatoriýanyň birnäçe mugallymlary hem-de talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar. Maslahatda ýetip gelýän Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň beýany edilip, olaryň döreýiş taryhy, tutýan orny barada birnäçe çykyşlar edildi.

Çykyşa ilki bilen «Jemgyýetçilik ylymlary» kafedrasynyň müdiri, uly mugallym Gözel Aýnazarowa giriş sözi bilen başlady. Soňra kafedranyň uly mugallymlary Annabat Hojamämmedowa, Murtyzaguly Orazow dagylar gyzykly maglumatlar bilen baýdagymyz we konstitusiýa barada gyzykly gürrüňleri berdiler. Başga-da okuw jaýymyzyň zenanlar guramasynyň başlygy «Türkmen sazy» kafedrasynyň uly mugallymy Aýgül Ýagşyýewa öz aýdym-sazly çykyşy bilen dowam etdi. Ol talyplary bilen bilelikde Nurýagdy Baýramowyň döreden «Ýaşyl tugum» aýdymyny, soňra özüniň talyby Şagül Köçekowa bolsa halypa Mylly Täçmyradowyň döreden «Baýdak» diýen sazyny ýerine ýetirdi.

Çykyşyň dowamynda «Bagşyçylyk sungaty» kafedrasynyň uly mugallymy Mähri Hojaýewa we onuň talyby Oguljennet Bakaşowa bilelikde türkmen baýdagy barada ajaýyp aýdymy ýerine ýetirdiler. Soňra bolsa, «Halk sazy» fakultetiniň talyplary Mahym Baýryýewa, Güljemal Taýlyýewa, «Sazyň taryhy we nazaryýeti» kafedrasynyň mugallymy Gunça Meredowa we şol kafedranyň talyplary Bahar Hojaýewa, Aýjemal Öwezowa, Mekan Çaryýew, «Orkestr saz gurallary» fakultetiniň talyby Dürjemal Çaňlyýewa, talyp Baýramgül Ahmedowa we şol fakultetiň «Estrada sungaty» kafedrasynyň uly mugallymlary Maýsa Mämmetjumaýewa, Ylýas Muhamow hem-de talyplar Aýjahan Rahmanowa, Mährijemal Käbäýewa dagylar bu baýramçylyklara döredilen eserler we aýdymlar barada aýtdylar.

Aýna BEGENJOWA