KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY—WATANYMYZYŇ MUKADDES NYŞANLARY


KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY—WATANYMYZYŇ MUKADDES NYŞANLARY

Türkmenistanyň Prezidenti dabaraly çärelere gatnaşdy

18-nji maýda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda umumy milli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär. Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.

«Türkmenistan» gazeti