«Atalar pendi – nesillere dowamat» atly wagyz-nesihat çäresi


«Atalar pendi – nesillere dowamat» atly wagyz-nesihat çäresi

Ýakynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan Garaşsyz, baky Bitarap Diýarymyzda sagdyn durmuş kadalaryny berjaý etmek boýunça alnyp barylýan döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, şeýle-de Türkmenistanda temmäkä garşy göreşmek boýunça talyp ýaşlaryň arasynda zyýanly endikleriň ýaramaz täsirini düşündirmek, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini ýaýbaňlandyrmak maksady bilen «Atalar pendi-nesillere dowamat» atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi. Bu çärä okuwymyzyň mugallymlary, talyp ýaşlary işjeň gatnaşdylar.

Maslahaty alyp baran Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň «Jemgyýeti öwreniş ylymlary» kafedrasynyň uly mugallymy, Kärdeşler arkalaşygynyň ilkinji guramasynyň başlygy Gülşirin Otuzowa.

Maslahatyň başynda ilkinji bolup Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň 4-nji müdirliginiň wekili polisiýanyň podpolkownigi Nepesgylyç Halymow çykyş etdi. Maslahatda çykyş eden myhmanlar: Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekili Akbibi Täçmämmedowa, Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň başlygynyň orunbasary Hydyr Myradow, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň kärdeşler arkalaşygy guramasynyň başlygy Täçsoltan Kakajanowa, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň Medeniýet we köpçülikleýin habar beriş bölüminiň bölüm müdiri Hoşgeldi Annageldiýew.

Maslahatyň dowamynda myhmanlar durmuşa geçirilýän işler dogrusynda giňişleýin gürrüň berdiler.

Arzuw AŞIROWA