TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRDILER HEM-DE IŞEWÜRLIK MASLAHATYNA GATNAŞDYLAR


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI IKITARAPLAÝYN DUŞUŞYK GEÇIRDILER HEM-DE IŞEWÜRLIK MASLAHATYNA GATNAŞDYLAR

11-nji iýunda paýtagtymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanda döwlet saparynda bolýan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sok Ýol bilen duşuşygy boldy

Ozal habar berlişi ýaly, düýn Aşgabatda ýokary derejedäki türkmen-koreý gepleşikleri üstünlikli geçirildi. Onuň gün tertibine däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek bilen bagly meseleleriň giňtoplumy girizildi. Gazanylan möhüm ylalaşyklar hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga, ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga gönükdirilen resminamalaryň toplumy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň strategik häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

«Türkmenistan» gazeti