ÝAŞYL BAGLY WATANYM


ÝAŞYL BAGLY WATANYM

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýurdumyzyň abadançylygyny, halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, amala aşyrýan işleriniň netijesinde gözel Diýarymyzda uly üstünlikler gazanylýar.

Ata-baba süňňümizde orun alan watançylyk duýgularymyza, ylham çeşmämize joşgun berýän gözel paýtagtymyz Aşgabat «Gündogaryň göwher gaşy» adyna eýe bolup, gözel zynaty, tämizligi we täzelenişi bilen dünýä ýurtlarynyň iň ösen paýtagtlarynyň hatarynda mynasyp orna eýe boldy. Biziň buýsanjymyz bolan ak mermerli paýtagtymyz Aşgabadyň okgunly ösüşleri netijesinde onuň täze keşbi kemala gelýär. Tanalmaz derejede özgerýän paýtagtymyz milli binagärligiň hem-de öňdebaryjy halkara tejribesiniň esasynda özgerýär.

Hormatly Prezidentimiziň şähergurluşyk maksatnamasyna laýyklykda ata-babalarymyzyň binagärlik senedi beýik sungat derejesine ýetirilýär. Bu günki gün röwşen geljegimiziň ak şäheri Aşgabat bagtyýar halkymyzyň şu gününi, geljegini nurlandyryp, gün-günden ösüşleriň täze belentliklerine ýetdi. Muny paýtagtymyzyň milli öwüşgünli ajaýyp keşbine özboluşly gözellik bolup goşulýan bag-seýilgähleri aýdyň görkezýär. Bagy-bossanly ýerler daş-töweregiň howasyny tämizläp, howanyň çyglylyk derejesini degişli derejesinde saklamaga, salkyn howany emele getirmäge ýardam edýär. Baglar, seýilgähler, meýdançalar beýleki abadanlaşdyrylan ýerleri döretmek sungatyna bag-seýilgäh sungaty diýilýär. Bag-seýilgäh sungatynyň taryhyna ýüzlensek, onda olaryň gadymyýetde Afrika we Aziýa topraklarynda peýda bolandygyna göz ýetirmek bolýar. Muňa mysal hökmünde Wawilonda ýerleşýän Semiramidanyň «asma» bagyny agzamak bolar. Bu baglar dünýäniň ýedi täsinliginiň biri hasaplanýar. Dünýäde görlüp- eşidilmedik asman bilen ýer aralygynda jennet bagyny döredip, ol köşgüň diwarlarynyň aralygyndaky eýwanlarda ösdürilip ýetişdirilendigi bellenilýär. Bu ýerde täsin gülleriň ýakymly ysy bark urup, bilbiller saýraşyp, örän täsin görnüşi emele getirýärler. Bu ýer aslynda dynç almak üçin niýetlenipdir.

Aziýa ýurtlarynda-da bag-seýilgäh sungaty öz gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýtýandygynyň ýene-de bir subutnamasy hökmünde b.e.öňki VI asyryň birinji ýarymynda Ahemeniler dinastiýasyny esaslandyran Kir II Eýranda ilkinji «Çar bag» atly bag-seýilgähini bellemek bolar. Bagyň territoriýasynyň dörde bölünmegi onuň tapawutly aýratynlygydyr. Şeýdip, bag-seýilgäh sungaty dünýäniň ähli künjeklerine ýaýrapdyr.

Bu şäherde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adamlaryň oňaýly şertlerde ýaşamagy hakyndaky aladalary amala aşyryldy, geljegiň arzuwlary hakykata öwrüldi. Goý, ata Watanymyzyň ekologiýa syýasatyny dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri mundan beýläk-de rowaçlyklara beslensin.



Begenç DÖWLETGELDIÝEW