TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ WASPÇYSY


TÜRKMEN BEDEWLERINIŇ WASPÇYSY

Türkmenistanyň suratkeşleriniň ýaş nesliniň zehinli wekillerinden biri Parahat Gapançaýewiň sungatdaky ýoly köplere gyzyklydyr. Häzirki wagtda türkmen grafika we nakgaşçylyk sungatynda ahalteke bedewleriniň keşbini janlandyran eserleri bilen bellidir.

Ahalteke bedewi özüniň köpasyrlyk taryhy, gaýtalanmajak özboluşlylygy, ýyndamlygy we aýratyn gözelligi boýunça diňe bir Türkmenistanyň däl-de, eýsem tutuş umumadamzat siwilizasiýasynyň gymmatly hazynasy bolup durýandyr. Bedewleriň türkmen halkynyň durmuşyndaky we ykbalyndaky möhüm ähmiýeti barada Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Gurbanguly Berdimuhamedowyň kitaplary atlaryň bu gadymy tohumynyň gelip çykyşynyň we kemala gelmeginiň taryhy barada giňişleýin gürrüň berýär. Türkmen şekillendiriş sungatynda türkmen bedewleriniň ajaýyp keşbini döretmek ony geljekki nesillere ýetirmek elbetde suratkeşleriň paýyna düşýär. Türkmen suratkeşleri bedewleriň diňe bir daşky keşbini içgin öwrenmeklik bilen çäklenmän olaryň duýgularyny, häsiýetlerini öz eserlerinde görkezmäge çalyşýarlar. Türkmen ahalteke bedewleriniň keşbini şekillendirýän ussatlaryň biride Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň ussat mugallymy Parahat Gapançaýewdir.

Parahat Gapançaýew 1983-nji ýylyň maý aýynyň 1-ne Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda eneden dogulýar. Ol özüniň surat çekmek zehini Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasyna 2000-nji ýylda okuwa girmeklik bilen has-da öňegidişlikler gazanmagyna getirýär. Ýaş zehinli suratkeşi türkmen grafika sungatynyň ussady halypa mugallym A.Kinýakiniň elinde bilim alýar. Parahat mugallymlaryny tutanýerliligi, zähmetsöýerligi we sungata bolan çäksiz söýgüsi bilen haýran galdyrdy.

Çeperçilik akademiýasynda okan döwründe A.Kinýakiniň elinde tälim almagy elbetde ýaş suratkeşe uly mekdep bolýar. Grafika sungatynyň ussatlarynyň biri hasaplanylýan halypasyndan ýaş suratkeş eseriň pikirini çözmek üçin zerur bolan ajaýyp tehnikasy, plastiki serişdeleri inçelik bilen işledi. Ýokary okuw jaýy tamamlandy, ýöne okuw tamamlanmaýar, ol hemişe – daş-töwerekdäki durmuşa ünsli seredeniňde-de, ýyllarboýy çekilen zähmetiň we oýlanmalaryň netijesinde emele gelen göwün ýüwürtmeleriň bilen paýlaşmak üçin molbertiň öňüne gelen wagtyňda-da dowam edýär diýen pikir kelläňe berk ornaýar. Stanok grafikasy hünärinde bilim almaklyk bilen Parahat Gapançaýew reňkler dünýäsinde nakgaşçylyk eserlerini döretmeklige bolan höwesi onuň okuwdan soňky döredijiligine täsir edýär. Bu nakgaş eserlerinde owadan türkmen topragyny we onuň tebigatyny ussatlyk bilen şahyranalyk bilen şekillendirmegi başarýar.



Bahargül GELDIÝEWA