TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ MINISTRLER KABINETINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

24-nji maýda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşmak üçin ýurdumyza gelen Gyrgyz Respublikasynyň Ministrler Kabinetiniň Başlygy, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidentiniň Diwanynyň ýolbaşçysy Akylbek Žaparowy kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza we Gahryman Arkadagymyza Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň mähirli salamyny, Türkmenistanyň halkyna abadançylyk, rowaçlyk baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

«Türkmenistan» gazeti