TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «ÇALYK HOLDING» KOMPANIÝALAR TOPARYNYŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «Çalyk Holding» kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy Ahmet Çalyk bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi üçin Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, iki doganlyk halkyň taryha uzaýan gatnaşyklarynyň häzirki döwürde dürli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini belledi.

«Türkmenistan» gazeti