ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENÝÄN ÇAGALARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY


ÇAGALARY GORAMAGYŇ HALKARA GÜNI MYNASYBETLI DÖWLETLILER KÖŞGÜNDE TERBIÝELENÝÄN ÇAGALARA SOWGATLAR GOWŞURYLDY

1-nji iýunda ýurdumyzda bellenilýän Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli Döwletliler köşgünde baýramçylyk dabarasy geçirildi. Onuň dowamynda bu ýerde terbiýelenýänlere hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň, şeýle hem Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň we jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan sowgatlar gowşuryldy. Häzirki döwürde bu senä bagyşlanan däp bolan dabaralar hil taýdan täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar. Ýurdumyz çagalaryň bähbitlerini we hukuklaryny goramak işinde dünýä bileleşigine raýdaşlyk bildirip, bu ulgamda öňde goýlan möhüm wezipeleri çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.

«Türkmenistan» gazeti