TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «PETRONAS ÇARIGALI (TÜRKMENISTAN) SDN BHD» KOMPANIÝASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY


TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY «PETRONAS ÇARIGALI (TÜRKMENISTAN) SDN BHD» KOMPANIÝASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞDY

11-nji iýunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow «PETRONAS Çarigali (Türkmenistan) Sdn Bhd» kompaniýasynyň baş direktory Ismadi Ismail bilen duşuşdy.

Işewür wagt tapyp kabul edendigi hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary barada pikir alyşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirdi. Şunda iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklaryň düşünişmek, birek-birege hormat goýmak, özara bähbitlilik esasynda depginli ösdürilýändigi bellenildi.

«Türkmenistan» gazeti