TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BIRLEŞEN ARAP EMIRLIKLERINIŇ YKDYSADYÝET MINISTRINI KABUL ETDI

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Türkmenistan—BAE» işewürlik maslahatyna gatnaşmak üçin öz ýurdunyň wekiliýetine ýolbaşçylyk edip, türkmen paýtagtyna gelen Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marrini kabul etdi.

Myhman duşuşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Birleşen Arap Emirlikleriniň Prezidenti Şeýh Mohammed bin Zaýed Al Nahaýýanyň mähirli salamyny ýetirdi. Bellenilişi ýaly, BAE-de doganlyk Türkmenistan bilen netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şol gatnaşyklar bolsa taryhy kökleriň umumylygyna we özara bähbitli hyzmatdaşlyga esaslanýar.

«Türkmenistan» gazeti