TÜRKMEN SUNGATYNYŇ TOÝY


TÜRKMEN SUNGATYNYŇ TOÝY

Berkarar döwletiniň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly pyragy» ýylynda her bir güni toýdur baýramlara şanly senelere beslenýär. Ynha bu günler hem ýurdumyzyň bäş welaýatynyň jem bolup gözel Arkadag şäherimizde Medeniýet we sungat işgärleriniň baýramy hem-de Magtymguly pyragynyň şygryýet güni uludan toýlanýar. Bu bolsa Gahryman Arkadagmyzyň Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň milli medeniýetimize medeniýet we sungat işgärlerine hem-de Magtymguly pyraga goýulýan hormatyň ýene bir aýdyň mysaly bolup durýar.

Her bir medeniýet we sungat işgärleri üçin şeýle uly baýramçylyklar, konsertlar, teatr festiwallary Arkadag şähermizde uly dabaraly dowam edýär. Şeýle hem medeniýet hepdeliginiň dowam edýän pursatynda biz muzeý işgärlerni şatlykly habar bilen begendiren wakalaryň biri hem, asly halal agzybir halkymyzyň Daşoguz welaýatynyň ýaşaýjysy tarapyndan Türkmenbaşy etrabynyň çäginde geçýän kerwen ýolunyň ugrundaky öri meýdanlaryndan altyn teňňeleriň tapylmagydyr. Ol teňňeler barada ylymlar akademiýasynyň numizmatlar tarapyndan içgin öwrenilip degişli maglumatlar toplanyldy.

Alymlar tarapyndan öwrenilen teňňeler Arkadag şäheriniň Ülkäni öwreniş muzeýine tabşyryldy. Medeniýet hepdeliginiň açylyş gününde şeýle gymmatly mirasymyzyň muzeýe gowşurylmagy munuň özi taryhy medeni gymmatlyklarymyzy gorap saklamagyň, olary ylmy taýdan öwrenmegiň we geljek nesillerimize ýetirmegiň döwlet ähmiýetli möhüm wezipedigini nobatdaky gezek aýdyň görkezýär. Şeýle gadymy taryhy teňňeleriň tapylmagy muzeýleriň gaznalarynyň baýlaşdyrylmagy biz muzeý işgärlerini has-da işine we hünärine bolan höwesini artdyrýar.

Medeniýete we sungata uly üns berýän we bu ugurda tagallalaryny gaýgyrmaýan Milli Lidermiz Gahryman Arkadagmyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan il ýurt bähbitli umumadamzat ähmiýetli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw edýäris! Şeýle-de Medeniýet we sungat işgärleriniň güni hem-de Magtymguly pyragynyň şygryýet güni bilen tüýs ýürekden gutlaýarys!



Dünýägözel KELHANOWA