PYRAGYDAN YLHAM ALAN ÝAŞLAR


PYRAGYDAN YLHAM ALAN ÝAŞLAR

Medeniýet hepdeliginiň çäklerinde Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşigiň ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Bu bäsleşigiň maksady beýik şahyr Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny giňişleýin öwrenmekden, wagyz etmekden, onuň çuň mana, pähim-paýhasa we ýokary ahlak ýörelgelerine ýugrulan gymmatly goşgularynyň ägirt uly ähmiýeti barada ýaş nesilleriň düşünjelerini giňeltmekden ybaratdyr. Ýaşlary ähli döwürleriň we ömürleriň şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyndan söz açýan kämil eserleri döretmäge ruhlandyran bu bäsleşik şahyrlary, suratkeşleri, žurnalistleri, aýdym-saz bilen meşgullanýanlary, köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde zähmet çekýän zehinleri bir ýere jemledi.