BEHIŞDI BEDEWLER TOÝLARYŇ BEZEGI


BEHIŞDI BEDEWLER TOÝLARYŇ BEZEGI

Türkmenistanda sirk sungaty ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda depginli ösýän ugurlaryň birine öwrüldi. Bu sungat diňe bir çagalary däl, eýsem, uly ýaşdakylary hem özüne çekýär. Sirk çykyşlaryna tomaşa etmek maşgala bolup dynç almagyň iň oňaýly görnüşleriniň biridir. Arkadag şäheriniň Görogly adyndaky döwlet atçylyk sirki tarapyndan taýýarlanylan «Görogly» atly sahnalaşdyrylan sirk tomaşasynyň ilkinji görkezilişi şol günüň agşamky maksatnamasynyň ajaýyp wakalarynyň biri boldy. Türkmen halkynyň müňýyllyklara uzaýan taryhynyň ýelden ýüwrük ahalteke atlary bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy bellärliklidir. Halkymyz güýç-gaýratyny, zehinini we ruhuny siňdirip, tebigat bilen baglanyşykda gaýtalanmajak eseri döredipdir. Häzirki wagtda ady rowaýata öwrülen behişdi bedewler ählihalk dabaralarymyzyň bezegidir.