ŞAHYRYŇ ÝADYGÄRLIGINDE DÖREDIJILIK AGŞAMY


ŞAHYRYŇ ÝADYGÄRLIGINDE DÖREDIJILIK AGŞAMY

Baýramçylyk güni «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky türkmeniň nusgawy şahyrynyň ýadygärliginiň öňündäki meýdançada Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni mynasybetli guralan döredijilik agşamy bilen tamamlandy. Bu künjek medeniýet işgärleriniň duşuşyklarynyň guralýan ýerine öwrüldi. Bu ýere türkmen ýazyjylary, teatr artistleri, medeniýet, sungat işgärleri hem-de görnükli akyldar şahyryň eserleriniň köp sanly muşdaklary ýygnandylar. Beýik akyldaryň eserleri ýurdumyzyň her bir raýatynyň mähriban halkymyza, eziz Diýarymyza, berkarar döwletimize bolan söýgüsini joşdurýar. Bu eserler nesillerimizde ýokary ahlaklylygy terbiýelemäge, olaryň bilimli, hünärli, il-ýurt, bütin adamzat üçin haýyrly işleri amala aşyrmaga mynasyp ýaşlar bolup ýetişmeklerine ýardam edýär.