TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SENAGAT WE ÖNÜMÇILIK BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRINI KABUL ETDI


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ SENAGAT WE ÖNÜMÇILIK BOÝUNÇA FEDERAL MINISTRINI KABUL ETDI

25-nji iýunda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Pakistan Yslam Respublikasynyň senagat we önümçilik boýunça federal ministri Rana Tanwir Hussaini kabul etdi.

Myhman wagt tapyp kabul edendigi üçin hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza öz ýurdunyň ýokary derejeli ýolbaşçylarynyň—Prezident Asif Ali Zardariniň we Premýer-ministr Mian Muhammad Şahbaz Şarifiň mähirli salamyny hem-de ähli türkmen halkyna iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şunda Pakistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan hem-de oňyn sebit we halkara hyzmatdaşlygy ösdürmegiň möhüm şerti bolup durýan döredijilikli syýasaty durmuşa geçirýän Türkmenistan bilen däp bolan dostlukly gatnaşyklara ygrarlydygy tassyklanyldy.

«Türkmenistan» gazeti