HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ, WATANYMYZYŇ ŞAN-ŞÖHRATYNYŇ BÄHBIDINE MILLI MEDENIÝETIMIZ ÖSDÜRILÝÄR


HALKYMYZYŇ BAGTYÝARLYGYNYŇ, WATANYMYZYŇ ŞAN-ŞÖHRATYNYŇ BÄHBIDINE MILLI MEDENIÝETIMIZ ÖSDÜRILÝÄR

Ýurdumyzda Medeniýet we sungat işgärleriniň hem-de Magtymguly Pyragynyň şygryýet güni giňden bellenildi. Bu çärä gabatlanyp, her ýyl Medeniýet hepdeliginiň geçirilmegi asylly däbe öwrüldi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Arkadag şäherinde ilkinji gezek geçirilen giň gerimli döredijilik forumy milli medeniýetimiziň ägirt uly mümkinçiliklerini, medeniýet ulgamynyň işgärleriniň hünär ussatlyklaryny açyp görkezýän ajaýyp wakalara baý boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny örän ýokary derejede bellemek, şahyryň umumdamzat gymmatlygyna öwrülen eserlerini dünýä ýaýmak, onuň ýadygärligini döretmek baradaky başlangyçlary öňe sürdi. Gahryman Arkadagymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly goşgusynda söz ussadynyň baý döredijiligini wasp etmek bilen, onuň hormat-sarpasyny, abraý-mertebesini has-da belende göterdi.

Medeniýet hepdeligine gatnaşyjylaryň gatnaşmaklarynda ir säher bilen «Magtymguly Pyragy» medeni-seýilgäh toplumyndaky şahyryň ýadygärligine gül goýmak dabarasy geçirildi. Ýadygärligiň binýadynyň öňüni dolduryp duran gül çemenleri halkymyzyň ynsanperwer şahyra bolan söýgüsiniň, çuňňur hormatynyň nyşanyna öwrüldi.