SUNGAT DÖREDIJILIK GÖZLEGLERI BILEN BAKYDYR


SUNGAT DÖREDIJILIK GÖZLEGLERI BILEN BAKYDYR

Medeniýet hepdeliginiň maksatnamasyna laýyklykda «Märkaw» myhmanhanasynda žurnalistler üçin «Magtymguly—umumadamzat şahyry» atly metbugat brifingi geçirildi. Onda türkmen şahyrynyň bimöçber döredijilik mirasyny mundan beýläk-de öwrenmek nukdaýnazaryndan häzirki wagtda amala aşyrylýan işleriň ähmiýetine üns çekildi. Bellenilişi ýaly, halkymyzyň ruhy mirasyny, taryhyny wagyz etmekde häzirki zaman usullarynyň peýdalanylmagy maddy däl milli gymmatlyklary gorap saklamakda esasy ugur bolup durýar. Häzirki döwürde Magtymguly Pyragynyň goşgularynda beýan edilýän ynsanperwer taglymlaryň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli ylmymyzyň, medeniýetimiziň we sungatymyzyň galkynmagy netijesinde aýratyn joşgun bilen ýaňlanýandygy nygtaldy.