ZEHIN WE RUHY JOŞGUN TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI MIRASYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAN KUWWATLY GÜÝÇDÜR


ZEHIN WE RUHY JOŞGUN TÜRKMEN HALKYNYŇ MEDENI MIRASYNY DÜNÝÄ ÝAÝÝAN KUWWATLY GÜÝÇDÜR

25-nji iýunda paýtagtymyzda Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň «Dokmaçylar» medeni merkeziniň açylyş dabarasy boldy.

Bu çäre «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» şygary astynda geçýän ýylda ýurdumyzyň medeniýet ulgamyny ösdürmek boýunça türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlarynyň hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky güwäsi boldy.

Medeniýetiň ösdürilmeginde, jemgyýetiň gözellik baradaky garaýyşlarynyň kemala getirilmeginde, täze zehinleriň ýetişdirilmeginde medeniýet we sungat işgärlerine möhüm orun degişlidir. Milli däp-dessurlarymyzyň mazmunyny we ähmiýetini has giňişleýin we doly açyp görkezmek döredijilik adamlarynyň wezipesi bolup durýar. Türkmen medeniýeti dünýä siwilizasiýasynyň taryhynda aýratyn orna eýe bolup, häzirki wagtda uly ösüşlere eýe bolýar.