DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI


DÖREDIJILIK BÄSLEŞIGIŇ ÝEŇIJILERI

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe her bir günümiz şanly wakalara beslenýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň tagallasy netijesinde ýaşlaryň eşretli we abadan durmuşda ýaşamagy üçin giň gerimli işler alnyp barylýar. Ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmaklaryna, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeklerine giň ýol açylýar. Diýarymyzda diňe bir ykdysadyýetiň dürli pudaklary bilen birlikde, türkmen medeniýetine hem-de sungatyna uly üns berilýär.

Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň arasynda yglan edilen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Bäsleşige gatnaşýan ýaşlar Magtymguly Pyragynyň baý edebi mirasyny düýpli öwrenmek, pähim-paýhasa ýugrulan eserlerini wasp etmek, söz ussadynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny has-da dabaralandyrmak ugrunda birnäçe sungat eserleri döretdiler. Bäsleşige hödürlenen eserleriň her biri Diýarymyzda döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlaryň täze nesliniň kemala gelýändigini, ýaşlaryň Magtymguly Pyraga bagyşlap çeper eserleri döretmäge ukyplydyklaryny doly subut edýär.

Bäsleşige Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplary Aýhan Kulyýew, Guwanç Muhtarow, Durdumuhammet Pirowow, Annasoltan Hojaýewa, Pawel Anahowskiý, Jelaletdin Bekgiýew Magtymguly Pyraga bagyşlanan nakgaşlyk, keramika we dizaýn bezeg işleri bilen gatnaşyp, şa serpaýyna mynasyp boldular. Bu talyplaryň arasynda Jelaletdin Bekgiýewiň döreden keramika eserler toplumy özüniň haşam çözgüdi bilen tapawutlanýar. Jelaletdiniň keramika toplumy akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň «Şirgazy» goşgusyna esaslanyp döredýär. Keramika eserler toplumy dört sany küýzeden ybarat bolup, ol her eserinde «Şirgazy» goşgusynyň şu setirleri açyp görkezýär:

Hakdan bize buýruk, baglydyr bilim,
Sende taglym aldy, açyldy dilim,
Gelsin diýip garar ol Gerkez ilim,
Gider boldum, hoş gal, gözel Şirgazy.

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly bäsleşiginiň geçirilmegi türkmen şekillendiriş sungatynyň we medeniýetiniň has-da uly ösüşlere eýe bolýandygyny görkezýär. Ýaş suratkeşleriň döredijilik ukyp-başarnyklaryny artdyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, il-ýurt bähbitli tutýan tutumly işleri elmydama rowaç alsyn!

Annagül BAGTYÝAROWA